Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Yraga her ýylda 10 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberer

22:3708.10.2023
0
27050

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryg­y boýunça şu ýylyň 5 ­— 8-nji oktýabry gü­nlerinde Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Yragy­ň paýtagty Bagdat şäh­erine gulluk iş saparyny ama­la aşyrdy. Yragyň elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda bu ýurduň Elektroenergetika hem-de Nebit ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 22-23-nji awgustynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri hem-de ony dowam etdirmek babatda alnyp barylýan işler barada söhbet edildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş­ saparynyň gün tertibine laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bil­en Yrak Respublikasyn­yň Elektroenergetika ministrliginiň arasyn­da gaz pudagynda hyzm­atdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek ha­kynda Ähtnama gol çek­mek dabarasy geçirildi.

Soňra taraplaryň duşuşygy giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Yrak tarapy bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadynda, türkmen tebigy gazyny SWAP usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirip, Yrak Respublikasyna her ýylda, takmynan, 10 milliard kub metre golaý tebigy gazy ibermek göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de duşuşykda tebigy gazy SWAP usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr akdyrmak babatda Eýran Milli gaz kompaniýasy bilen hem duşuşyklaryň geçirilýändigi bellenildi.

Türkmen tarapy her ýyl Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň geçirilýändigine ünsi çekip, giň gerimli bu çäräniň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetlidigini bellediler.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Yrak tarapyny şu ýylda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň