Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatyna gatnaşýar

15:5303.10.2023
0
44609

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatyna gatnaşýar. Oňa türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri gatnaşýarlar.

Şu gün Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynyň birinji gününden orun alan çäreler geçirilip, olarda sebit boýunça maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygyny üpjün etmek, döwrebap sanly çözgütleri işläp düzmek, bu ugurda tejribe alyşmak we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek baradaky halkara derejeli meselelere möhüm ähmiýet berildi.

Şeýle-de, maslahatyň dowamynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew bilen Özbegistan Respublikasynyň Sanly tehnologiýalar ministri Ş.Şermatowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek, maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygyny üpjün etmek, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de maglumat howpsuzlygy, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň