Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni mynasybetli iş kesilenleriň 1 müňden gowragynyň günäsi geçildi, 1,3 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlary açyldy we beýleki habarlar

12:0923.09.2023
0
44919

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli iş kesilen 1180 raýatyň günäsini geçdi. Döwlet Baştutany hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

2. 1301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Permana gol çekdi. Raýatlyk alan adamlar 32 milletiň wekilleri bolup durýar. Mundan başga-da, dünýäniň 13 döwletiniň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolan 265 adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alyndy.

3. Aşgabatda «Parahat-7» ýaşaýyş jaý toplumynda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy boldy. Täze gurlan on jaýyň 6-sy 54 maşgala, galan 4-si 36 maşgala üçin niýetlenendir. Täze jaýlaryň açylyş dabarasyna Aşgabat we şäher etraplarynyň häkimleriniň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular, Türkmenistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Täze öýleriň eýeleriniň arasynda köp çagaly eneler hem bar.

4. Türkmenistanda doglan, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda bolýan Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Kononenko özüniň wideoýüzlenmesinde tüýs ýürekden gutlaglaryny aýdyp, döwlet Baştutanyna berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň milli lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýana, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana we ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

6. Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Forum Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, 11-nji oktýabrda utgaşykly görnüşde geçiriler.

Dünýäde

7. Russiýaly režissýor Dmitriý Dýaçenko «Çeburaşka» filminiň dowamynyň üstünde işe başlaýar. «Çeburaşka 2-niň» 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda çykmagyna garaşylýar. Filmiň üstündäki işlere birinji filmde iş alyp baran topar gatnaşar. Filmiň sýužetine görä, ilkinji filmdäki wakalardan bir ýyl geçdi, Çeburaşka ýuwaş-ýuwaşdan Gena bilen durmuşa öwrenişdi, ýöne şol bir wagtyň özünde özbaşdaklygyny görkezip başlaýar we hatda gödek hereketlerem edýär, Gena bolsa onuň erkinlige bolan aşa söýgüsiniň we başdan geçirmelere bolan höwesiniň öňüni almaga synanyşýar.

8. ABŞ-ly we ýaponiýaly aşpezler ponçik görnüşinde dünýädäki iň uly torty bişirdiler. Agramy 100 kilogramdan gowrak we täze doglan çaga piliň ululygyndaky ponçik-tort Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ony taýýarlamak üçin, takmynan, 8 sagat gerek boldy. Ilki bilen, aşpezler tortuň çöregini bişirdiler, krem bilen örtdüler we biri-biriniň üstünde goýdular, soň bolsa gyralaryndan we ortasyndan kesdiler, torta ortasy deşikli ponçik şekilini berdiler, şondan soň olar tortuň ponçige mümkin boldugyça meňzeş bolmagy üçin üstüne gülgüne şeker erginini guýdular. Şeker erginiň üsti hakyky ponçikdäki ýaly ullakan reňkli şekerler bilen bezeldi.

Sport habarlary

9. Hytaýyň Hançžou şäherinde ХIХ Tomusky Aziýa oýunlarynyň açylmagyndan bir gün öň, Türgenler obasynyň halkara zolagynda ýerleşýän «Flag Plaza» meýdançasynda türkmen sport wekiliýetini garşylamak we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy geçirildi. Dabara başlamazdan ozal biraz ýagyş ýagdy, ýöne ol baýramçylyk atmosferasyny gowşatmady. Şu ýylky esasy sport ýaryşlarynda ýurda wekilçilik etmek mertebesine eýe bolan Türkmen döwletiniň wekillerini Aziýada obasynyň ýolbaşçysy jenap Lu Çunsýan mübärekledi we türkmenistanly türgenlere uly sport üstünliklerini arzuw etdi.

10. Aşgabatda Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasy tarapyndan gurnalan ýetginjekleriň arasynda stol tennis boýunça çempionat geçirilýär. Bu ýaryşa dürli sebitlerden 60 töweregi türgen gatnaşýar. Bäsleşikler iki ýaş derejesinde geçirilýär: 10-12 ýaş hem-de 9 ýaş we ondan kiçi. Bäsleşigiň maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ýurtda stol tennisini ösdürmek, ýaşlara watançylyk terbiýesini bermek, şeýle hem halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmek.

11. «Ahalyň» AFK Çempionlar ligasyndaky garşydaşy Saud Arabystanynyň çempionatynda uly tapawut bilen ýeňiş gazandy. «Al-Feýha» myhmançylykda «Al-Riýaddan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. Ýatlatsak, AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 1-nji aýlawyndaky oýunda «Ahal» «Al-Feýha» bilen duşuşyp, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň