Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde, däp bolşy ýaly, beýik ata-babalaryň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurduň esasy baýramynyň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 1180 raýatyň günäsini geçmek bardaky resminama gol çekdi.