Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» dükanlary baýramçylygyň öňüsyrasynda aýakgaplaryň uly arzanladyşyna çagyrýar

16:3019.09.2023
0
47673

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Röwşen» aýakgap kärhanasy harytlarynyň ähli görnüşlerine arzanladyş möwsümini yglan edýär.

1-nji oktýabra çenli Aşgabatdaky we beýleki şäherlerdäki «Röwşen» dükanlarynyň ählisinde 10-50 göterim arzan bahadan hakyky deriden öndürilen ýokary hilli aýakgaplary satyn alyp bilersiňiz. Mundan başga-da, birnäçe aýakgap görnüşleriniň bahalary 100-150 manada çenli arzanladyldy.

«Röwşen» dükanlaryndan hemmeler üçin we islendik ýerde geýmäge niýetlenen aýakgaplary tapmak bolýar. Erkekler üçin bu brend klassiki aýakgaplary, mokasinleri, loferleri, şeýle hem nusgawy stil, dürli geýimler bilen we casual stile laýyk boljak sport aýakgaplaryny hödürleýär. «Röwşen» kärhanasynyň «Rosemary» haryt nyşanly zenan aýakgaplarynyň hataryna kablukly «gaýyjak» görnüşli aýakgaplar, ýumşak taýmaýan dabanly oňaýly loferler, baletkalar, sliponlar bar. Mundan başga-da, bu dükanlardan mekdep okuwçysy üçin islendik ölçegli güýz aýakgabyny tapyp bilersiňiz.

«Röwşen» kärhanasynyň ähli aýakgaplary hakyky deriden, dokma we beýleki ýokary hilli materiallardan ýasalýar.

Bu uly arzanladyş mümkinçiliginden peýdalanyp, öz halaýan aýakgaplaryňyzy satyn almak üçin şu salgylara baryp bilersiňiz:

Aşgabatdaky «Röwşen» dükanlarynyň ýerleşýän salgylary:

  • Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaýy («Gadamly» binasy). Telefon belgileri: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19.
  • «Bagtyýarlyk» SDAM, 1-nji gat, 6-njy dükan, telefon belgisi (+993 65) 55 34 74;
  • Bamako köçesi, «Sumbar» bazary, «Datly Ses» söwda merkezi, 1-nji gat, telefon belgisi (+993 63) 65 16 85;

Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki «Röwşen» dükanlarynyň salgylary:

  • Änew: (+993 62) 79 01 16;
  • Tejen: (+993 63) 51 10 55;
  • Mary: (+993 522) 7 30 15;
  • Ýolöten: +(993 63) 06 47 78;
  • Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
  • Türkmenbaşy: (+993 65) 79 01 50;
  • Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
  • Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
  • Kerki: (+993 62) 67 05 19.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň