Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» erkekler, zenanlar we çagalar üçin gündelik aýakgaplaryň güýzki toplumyny hödürleýär

12:4908.09.2023
0
46564

Tomus pasly tamamlandy, sentýabr aýy ýetip geldi. Türkmenistanda sentýabr aýy tomus aýy ýaly duýulýan bolsa-da, güýzlük geýimleri öňünden taýýarlamak has gowudyr. Ýokary hilli aýakgaplar islendik garderobyň möhüm bölegi bolup durýar, olar salkyn howada, hatda ýagyşly güýz günlerinde hem geýmek üçin rahatdyr we amatlydyr.

«Röwşen» aýakgap haryt nyşanynyň dükanlarynda güýz pasly üçin aýakgaptoplumlary hödürlenýär. Erkekler, zenanlar we çagalar özleri üçin ajaýyp aýakgaplary saýlap alyp bilerler, olar diňe bir geýmek üçin amatly bolman, eýsem, nusgawy lybaslardan başlap, sport geýimlerine çenli islendik stil bilen utgaşýarlar.

«Röwşen» haryt nyşany erkekler nusgawy bagjykly we bagjyksyz köwüşleri, mokasinleri, loferleri, şeýle hem sport aýakgaplaryny (krossowkalary) hödürlemäge taýyndyr. Olary nusgawy lybaslar (esasanam talyplar, mekdep okuwçylary we döwlet işgärleri üçin möhümdir), sport, ýaşlar ýa-da «casual» stilindäki eşikler bilen utgaşdyryp bolýar.

«Röwşendäki» zenan aýakgaplarynyň hataryna pes ökjeli nusgawy «gaýyjaklar», şeýle hem rahat typmaýan dabanly loferler hem-de krossowkalar hödürlenýär. Bu görnüşdäki aýakgaplar ofis stilindäki eşikler, milli äheňdäki uzyn köýnekler we jinsiler bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

«Röwşen» dükanlarynda çaga aýakgaplarynyň dürli görnüşleri bardyr, bu bolsa okuw ýylynyň başynda aýratyn ähmiýete eýedir. Oglanlara we gyzlara mekdep üçin aýakgaplary saýlap almak kynçylyk döretmez.

«Röwşeniň» ähli aýakgaplary ýokary hilli tebigy deriden taýýarlanýar we amatly ulanyş dowamlylygy, geýilende rahatlygy, dabanynyň berkligi hem-de elýeterli bahasy bilen tapawutlanýar.

Aşgabatdaky «Röwşen» dükanlarynyň salgylary:

  • «Bagtyýarlyk» SDAM, 1-nji gat, №6, telefon (+993 65) 55 34 74;
  • Bamako köç., «Sumbar» bazary, «Datly Ses» söwda merkezi, 1-nji gat, telefon (+993 63) 65 16 85;
  • Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 («Gadamly» binasy). Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19.

«Röwşeniň» sosial ulgamdaky sahypasy.

Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki «Röwşen» dükanlarynyň maglumatlary:

  • Änew: (+993 62) 79 01 16;
  • Tejen: (+993 63) 51 10 55;
  • Mary: (+993 522) 7 30 15;
  • Ýolöten: +(993 63) 06 47 78;
  • Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
  • Türkmenbaşy: (+993 65) 79 01 50;
  • Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
  • Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
  • Kerki: (+993 62) 67 05 19.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň