Türkmenistanyň paýtagtynda ulular we çagalar üçin hakyky deri aýakgaplary bilen ýurtda meşhurlyk gazanan «Röwşen» haryt nyşanynyň birnäçe hususy dükany hereket edýär. Dükanyň tekjelerinde ýokary hilli we arzan gündelik erkek, zenan we çaga aýakgaplarynyň dürli nusgalary hödürlenýär.
Salgysy: Bamako köç., «Sumbar» bazary, «Datly Ses» söwda merkezi, 1-nji gat
Bamako köçesiniň ugrunaky dükan haryt nyşanynyň erkekler üçin niýetlenen önümlerini – deri aýakgaplaryny we guşaklaryny hödürleýär. Bu ýerde durmuşyň ähli ýagdaýlary üçin ajaýyp aýakgaplary, şeýle hem onuň bilen reňk we stil taýdan sazlaşýan jalbar guşaklaryny saýlap almak mümkindir. «Röwşeniň» aýakgap nusgalary erkek dabanynyň anatomiýasy göz öňünde tutulyp, ýokary hilli deriden taýýarlanýar, şonuň üçin hem olar geýlende rahatlygynyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýarlar.
Salgysy: «Bagtyýarlyk» SDAM, 1-nji gat, №6
«Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Röwşen» dükanyna söwda üçin tutuş maşgala baryp biler. Dükanda erkek, zenan we çaga aýakgaplarynyň dürli görnüşleri hödürlenýär. Ýörite mekdep okuwçylary üçin bu ýerde mekdep aýakgaplaryny saýlap almak mümkindir – nusgawy biçüwler we reňk sazlaşygy mekdep lybasy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär, amatly galyby we typmaýan dabany bolsa bu olary mekdep okuwçysy üçin iň amatly aýakgap edýär. Erkek aýakgaplarynyň hataryna bagjykly we bagjyksyz nusgawy aýakgaplar, şeýle hem «casual» stilinde geýinmek üçin has ýeňil mokasinler we loferler girýär. Zenanlar özleri üçin pes ökjeli bilen nusgawy «gaýyk» görnüşli aýakgaplary saýlap bilerler.
«Röwşeniň» aýakgaplary nusgawy ýa-da sport görnüşinde taýýarlanýar, şonuň üçin hem olar gündelik lybaslaryň ähli görnüşleri, ofis ýa-da milli, şeýle hem mekdep lybaslary bilen oňat sazlaşýar.
«Satyjy-geňeşçiler size dogry aýakgaby saýlamaga kömek etmäge elmydama şatdyrlar. Dükanlarymyzyň islendigine baryp görseňiz, aýakgaplaryň we esbaplaryň dürlüligi hem-de hili bilen kanagatlanarsyňyz» diýip, haryt nyşanynyň wekili belledi.
Ýatlatsak, «Röwşen» haryt nyşany diňe Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. «Wildberries», «Ozon» ýaly Russiýanyň iň iri söwda platformalary müşderilere «Röwşen» haryt nyşanly aýakgaplary hödürleýär, üstesine-de, Podmoskowýede «Röwşen» oflaýn dükany açyldy. Russiýada günde türkmen haryt nyşanynyň müň jübüte çenli aýakgaby satylýar.
Aşgabatdaky «Röwşen» dükanlarynyň ýerleşýän salgylary:
- «Bagtyýarlyk» SDAM, 1-nji gat, №6, telefon (+993 65) 55 34 74;
- Bamako köç., «Sumbar» bazary, «Datly Ses» söwda merkezi, 1-nji gat, telefon (+993 63) 65 16 85.
«Röwşeniň» sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: