Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» haryt nyşanynyň dükanlary ýaş türkmenistanlylara täze okuw ýylynyň başlamagyna taýýarlanmaga kömek ederler

11:4101.08.2023
0
39806

Tomusky dynç alşyň soňky aýy, adatça, täze okuw ýylynyň başlamagyna taýýarlyk bilen baglanyşyklydyr. Tejribeli ene-atalar çagalary üçin diňe bir okuw esbaplaryny we kanselýariýa harytlaryny däl, eýsem, çaganyň ýaş aýratynlyklaryny, önümçiliginde ulanylýan materialyň berkligini we ekologiýa taýdan arassalygyny göz öňünde tutup, mekdep lybaslaryny hem öňünden satyn alýarlar.

Meşhur «Röwşen» türkmen haryt nyşanynyň dükanlarynda hödürlenýän okuwçylar üçin mekdep lybaslary bu talaplaryň ählisine gabat gelýär.

«Röwşen» 6 ýaşdan 13 ýaş aralygyndaky ýaş türkmenistanlylara mekdep lybaslarynyň toplumlaryny hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin sport toplumlaryny hödürleýär. Oglanlar üçin – gündelik we sport aýakgaplary, köýnekler, kostýumlar, joraplar hem-de kemerler. Gyzlar üçin – dürli aýakgap görnüşleri, joraplar we penjekler. Ähli mekdep lybaslary we aýakgaplar tebigy materiallardan taýýarlanýar.

Okuwçylar üçin lybaslary «Röwşen» dükanlarynda satyn almak hem, harytlary öýe sargyt etmek hem mümkindir, eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Ýatlatsak, «Röwşen» HK 2003-nji ýyldan bäri bazarda hereket edip gelýär we onuň önümlerine bolan isleg yzygiderli artýar. Häzirki wagtda kärhananyň Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda söwda nokatlary bar.

«Röwşeniň» mekdep lybaslarynyň toplumlary we çagalar üçin niýetlenen aýakgaplary bilen haryt nyşanynyň resmi dükanynda tanyşyp bilersiňiz: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 («Gadamly» binasy). Maglumat üçin telefonlar: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň