Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze okuw ýylyna gerekli zatlary artykmaç pul sowmazdan nädip satyn alyp bolar

0
78842

Her ýylda tomus pasly ahyrlaberende ene-atalaryň ählisi diýen ýaly çagasyna okuwa egin eşik almaga gitmeli bolýar. Şonda depder ýa-da ruçka, mekdep geýimlerini satyn almak ýeterlik däl, eýsem okuwça mekdep wagtynda başga-da köp esbaplar gerek bolýar, bu ýagdaýda bolsa iň gowusy, okuw bir galanda däl-de, öňräginden söwda etmek ýerliklidir. Şol günlerde söwda merkezleri näme üçindir dürli sebäplere görä, okuw esbaplaryny iň soňky pursatda satyn alýan ene-atalardan dolýar.

Dükanlara we mekdep bazarlaryna ýüwürmezden ozal, geçen okuw ýylyndan galan zatlara göz aýlamaly: belki olaryň arasynda ýene-de ulanyp boljak zatlar bardyr. Olaryň arasynda köne galamlar, bozguç, mata ruçka gaplary, doly ýazylmadyk depderler bar bolup biler. Eger geçen ýylda ulanylan rýukzak hem daşky görnüşini ýitirmedik bolsa, onda ony ýene-de ýanyň bilen okuwa göterip bolar. Köne galamlary ýiteltmek, bozguçlary arassalamak, ruçka gabyny we rýukzagy ýuwmak ýa-da gubka bilen arassalamak ýeterlikdir. Ýazylyp gutarylmadyk depderler garalama hökmünde ulanylyp bilner. Okuw ýylynda, ýokarda bellenip geçilen esbaplardan hem satyn almaly bolarsyňyz, ýöne bu gezek söwdaňyzy tygşytlamaga uly mümkinçiligiňiz bolar.

Geçen okuw ýylynyň başynda zerur bolar diýip alan zatlaryňyzdan käbiri bu ýylda-da gerek bolup durmaz. 

Okuwça iň gerek bolýan mekdep harytlaryndan şulary bellemeli:

  • Çyzykly we gözenek öýjükli depderler;
  • Ýazgy serişdeleri (ruçka, galam, flomasterler we ş.m);
  • Bozguç, penal, galam artylýan, gaýçy, ýelim;
  • Göni we transportilli burçluk çyzgyç;
  • Gündelik;
  • Surat albomy, reňkli kagyzlar, plastilin, reňkler (başlangyç synplar üçin).

Depderler, gündelik hem-de kitaplar üçin daşlar hem artykmaçlyk etmez.

Indiki nobatda bolsa, satyn almaly boljak zatlaryňyzyň sanawyny düzmeli. Birinji orunda, adatça, mekdep egin eşikleri durýar. Çagalar tiz ösüp-ulalýarlar we geçen ýylky eşikleriň kiçi boljagy ikuçsuzdyr. Bu ýagdaýda taýýar esbaplary satyn alyp ýa-da olary tikmegi sargyt edip bilersiňiz. Saýlaw adaty tikilen görnüşiň hasabyna edilse, matany üns bilen saýlamagy ýatdan çykarmaň. Sintetika «dem almaýar», elektrikleşdirýär we derini gijiledip bilýär. Tebigy matalar beden üçin has ýakymly, ýöne haýal guraýar, şonuň üçin garyşyk matalardan eşik tikinmek iň gowusydyr, ol geýimler sintetiki we tebigy sapaklaryň iň gowy häsiýetlerini özünde birleşdirýär.

Mekdep aýakgaplary hem geýimden az möhüm zat däldir. Çaganyň geçen ýylky aýakgaplary oňa laýyk bolýan bolsa-da, ýylyň ahyryna çenli olary geýip biljegi näbellidir. Mekdep üçin aýakgap saýlanyňyzda, onuň aşagyna üns bermeli. Mekdep koridorlaryndaky pollar, adatça, taýdyrýar, şonuň üçin çaga aşagy gasynlanan aýakgap alynsa göwnejaý bolar, tekiz aýakgapda bolsa kiçi ýaşly çaga ýykylyp biler. Sport sapaklary üçin  niýetlenip alynýan aýakgaplar bolsa ýeňil ýuwup ýa-da arassalap durar ýaly bolmaly.

Geýimleri we aýakgaplary dynç alyş möwsüminiň başlan mahallary öňünden satyn alyp goýmak ýalňyş bolar. Çaga tomusda şeýle bir ösüp biler welin, täze mekdep eşikleriniň ýa-da aýakgaplarynyň oňa bolman durmazlygy hem mümkindir.

Mundan başga-da, bir ýylyň dowamynda ulanyljak ähli zady ätiýaç edip alyp goýmagam dogry bolmaz, ol puluňy tygşytlamaga-da üýtgeşik bir täsir etmez. Depderler ýa-da ruçkalar, şeýle-de galamlar birden gutaraýan ýagdaýynda, olary ýylyň dowamynda elmydama gerek mukdarda, käte bolsa hatda has amatly bahadan hem satyn alyp bilersiňiz.

Gowy saýlanyp alnan rýukzak birnäçe ýyllap hyzmat edip biler, şonuň üçin ony satyn alanyňyzda hem ünsli boluň. Çagany maşyn bilen mekdebe getirip, ony edil şol usul bilenem mekdepden alyp gaýtsaň-a, rýukzagyň göterilýäni hem bildirmez. Bu ýagdaýda adaty, gowy hilli sumka alyp bilersiňiz. Eger bir çaga mekdebe özbaşdak baryp, rýukzagyny arkasyndan asyp gatnaýan bolsa, oňa kiçilikden giň we ýumşak hem-de ortopedik arkasy bolan has ýeňil rýukzak almak gowy bolar.

Mekdep harytlarynyň dükanlary köplenç owadan we ilkinji gezek göreniňde zerur zatlary hödürleýärler, olary has ýakyndan, üns bilen gözden geçirmeseňiz, bu harytlaryň hili pes bolup biler. Çaga olary mekdebe-de götermez, olar diňe öýde, tekjede tozan basyp ýatar. Şeýle zatlaryň hataryna satyn almazlyk üçin adaty diwar kartasy bilen Ýer şaryny — globusy goşmak bolar.

Egin eşikleri, aýakgaplary we okuw esbaplaryny satyn alanyňyzda, harydyň hilini gowy almagyň hatyrasyna mümkin boldugyndan puluňyzy tygşytlajak bolmaň. Bu diňe gymmat zatlary almalydygyny aňlatmaýar, ýöne köplenç iň arzan zatlaryň hyzmat ediş möhleti gysga bolýar. Arzan we pes hilli zatlar has az ulandyrar we ýerine çalyşmak üçin pul sarp etmeli bolarsyňyz.

Türkmenistanda awgust aýynda açylýan mekdep bazarlary mekdep ýaşyndaky çagalaryň ene-atalarynyň hyzmatyndadyr, bu ýerde okuw üçin zerur bolan ähli zatlary satyn alyp bolýar. Bu bazarlarda türkmen kärhanalary tarapyndan öndürilen we dürli baha aýratynlyklaryndaky eşikler we aýakgaplar alyjylara hödürlenýär.

Önümleri täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde ajaýyp saýlaw boljak kärhanalaryň biri-de şu tomus möwsüminde çagalar we ýetginjekler üçin «Röwşen Kids» egin eşikleriniň täze kolleksiýasyny hödürlän «Röwşen» hususy kärhanasydyr. «Röwşen» HK hakyky deriden döredýän aýakgaplary bilen Türkmenistanda giňden meşhur. «Röwşen» kärhanasynyň oglanjyklar we gyzjagazlar üçin niýetlenen çaga aýakgaplary geýmek üçin oňaýly, çydamly we her dürli mekdep eşikleri bilen laýyk gelýän nusgawy dizaýn hem-de reňk aýratynlygynda ýetirilýär.

«Röwşen» aýakgaplarynyň peýdaly tapawutlary önümleriň ýokary hilli we tebigy materiallary, şeýle hem köp pul sarp etmezlige we şonuň bilen birlikde-de ýokary hilli hem-de ygtybarly önümleri satyn almaga mümkinçilik berýän elýeterli bahasydyr.

«Röwşen» kärhanasynyň önümleri bilen brendiň şu salgyda ýerleşýän dükanyndan tanşyp bolýar: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaýy («Gadamly» binasy). Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Röwşen» kärhanasynyň Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki dükanlarynyň telefon belgileri:

  • Änew: (+993 62) 79 01 16;
  • Tejen: (+993 63) 51 10 55;
  • Mary: (+993 522) 7 30 15;
  • Ýolöten: +(993 63) 06 47 78;
  • Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
  • Türkmenbaşy: (+993 65) 97 80 80;
  • Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
  • Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
  • Kerki: (+993 62) 67 05 19.

Peýdalanylan çeşmeler:  shkolabuduschego.ru; lifehacker.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar