Üç futbolçy Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda ilkinji gezek meýdana çykdy

18:0114.09.2023
0
34215

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Indoneziýanyň (0:2) we Bahreýniň ýygyndylary (1:1) bile n geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarynda baş tälimçi Mergen Orazow ätiýaçlykdaky oýunçylaryň birnäçesine mümkinçilik berdi.

Indoneziýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda «Ahalyň» iki futbolçysy — Alibek Abdyrahmanow we Ýazgylyç Gurbanow ilkinji gezek milli ýygyndynyň köýnekçesinde meýdana çykdy. Baş tälimçi iki futbolça hem oýnuň ikinji ýarymynda mümkinçilik berdi.

Bahreýniň ýygyndysy bilen bolan duşuşykda bolsa «Energetik-BGU»-nyň futbolçysy Wepa Jumaýew başlangyç düzümde meýdana çykdy. Şeýlelikde, ol hem ilkinji gezek milli köýnekçäni geýdi. Wekilçilik edýän toparynda-da yzygiderli oýunlara gatnaşyp gelýän 17 duşuşykda 1 gol geçirdi.

Bu duşuşyklar Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlygyň bir tapgyrydyr. Türkmen ýygyndysy «E» toparçasyna wekilçilik eder. Bu toparçada Türkmenistandan başga-da, Özbegistanyň we Eýranyň ýygyndylary bar. Toparçanyň dördünji wekili Gonkong — Butan jübütleriniň ýeňijisi bolar.

Türkmenistanyň ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Aşgabatda Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň