Top.Mail.Ru

Arhiw

OGT-2023-e 20 ýurtdan 150-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar

18:0512.09.2023
0
27335

Aşgabatda 2023-nji ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» (OGT–2023) halkara maslahata we sergä 20 ýurtdan 150-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy.

«SPE»-niň (Nebitçi inženerler jemgyýeti) prezidenti Medhat M.Kämal, Russiýadaky we GDA-daky «Baker Hughes»-iň prezidenti Ýelena Akolsewa, «GHG»-niň prezidenti Sat Stefan Jermeýn, «Dragon Oil»-yň direktory Ali Raşid Al Jarwan, «CNPC»-niň baş direktory Çen Huaýlun, «ADNOC»-uň wise-prezidenti Jasper Peýjs we beýleki halkara guramalaryň, energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary maslahatda etjek çykyşlaryny tassykladylar. Şeýle hem OPEK-iň (nebit öndürýän we eksport edýän ýurtlaryň guramasy) nebit barlagy bölüminiň başlygy Behruz Baýkalizadeniň, BMG-niň Durnukly energiýa bölüminiň müdiri Dario Ligutiniň maslahatyna umumy mejlisine gatnaşjakdyklary tassyklanyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumyndaky täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrylar. Bu taslamalar ägirt uly «Galkynyş» gaz känini işlemegiň mundan beýläkki tapgyrlaryny, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny, taba gelen ýataklarda nebit we gaz çykarylyşynyň iň amatly ýoluny ulanmagy, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýalpaklaryny peýdalanmagy, şeýle hem gaýtadan dikeldip bolýan energetika taslamalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, uglewodorod baýlyklaryny çykarmagyň we metan zyňyndylaryny azaltmagyň ekologiki jähetlerine aýratyn üns berler.

Maslahatyň çäginde halkara sergi hem guralar. Oňa 60-dan gowrak nebit-gaz we hyzmat kärhanlary gatnaşar. Olar «Dragon Oil», «CNPC», «Petronas», «PEL», «Honhua», «Rosen Group», «Sumitomo», «Yug-Neftegaz», «Tatneft», «ENI», «Renesans», «Schlumberger», «Transneft», «Interpipe», «Kamaz» we başgalardyr.

Kärhanalaryň öz önümleri ýa-da hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilige eýe boljak aýratyn tanyşdyryş meýdançasy OGT–2023 EXPO-nyň täzeligi bolar. Serginiň çäklerindäki tanyşdyryşlar bolsa bolup biljek hyzmatdaşlaryň täze maýa goýum taslamalary barada maglumatlylyk derejesini artdyrar we hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Dragon Oil», «CNPC», «PEL Limited», «Baker Hughes», «Yug-Neftegaz», «Hyundai Engineering», «Mitro International», «ENI», «Schlumberger» şereketleri OGT-2023-e hemaýatkär boljakdyklaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň