Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

16:0320.08.2023
0
21085

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEK) 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) 28-nji halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada forumyň guramaçylaryna salgylanyp, Trend habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, bu abraýly halkara forumda OPEK-e Guramanyň nebit barlaglary bölüminiň ýolbaşçysy Behriz Baýkalidze wekilçilik eder.

OPEK-den başga-da Dragon Oil, CNPC, Petronas, William Johnson International Trade and Services FZCO, KAMAZ ýaly kompaniýalar hem «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» 28-nji halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin 100-den gowrak gurama, edara we kompaniýa bellige alyndy.

Maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy we «Türkmengeologiýa » döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» HJ bilen bilelikde GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda çykyş edýär.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabr aýynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» (OGT-2022) atly halkara maslahatynyň we sergisiniň üstünlikli geçirilendigini ýatladýarys. Bu forumyň esasy maksady ýurduň nebit we gaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň