Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler, Türkmenistan we Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler, türkmen kinematograflar topary Türkiýä gider we beýleki habarlar

12:4806.09.2023
0
35388

Türkmenistanda

1. Aşgabatda zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara gutlag ibedi. Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi aýdym-saza höwesli körpe nesillerimizde sungat älemine söýgi döretmekde uly ähmiýetli medeni çäreleriň biridir.

2. Fransiýada saparda bolýan türkmen wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy fransuz işewürliginiň wekillerini ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek barada pikir alşyp, nebit-gaz we gaz himiýa pudaklaryny, elektrik energetikasyny, ulag we aragatnaşyk pudagyny, lukmançylyk senagatyny we derman senagatyny, maliýe-bank ulgamyny, şeýle hem suw hojalygy toplumyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlediler.

3. 17 – 24-nji sentýabr aralygynda türkmen kinematograflarynyň nobatdaky topary Magtymguly Pyragy hakynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan taýýarlanan dokumental filmler üçin wideo ýazgylary surata düşürmek üçin Türkiýä iberiler. Surata düşüriş topary Ankara, Stambula we Konýa baryp görerler, bu ýerlerde türkmen şahyrynyň ady bilen baglanyşykly köp ýerler bar.

4. Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatanyň arasynda geçirilen duşuşykda ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň hem ylym we bilim ulgamynda däp bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin açylýan giň mümkinçilikleriň hemmetaraplaýyn ösüşiň hem-de öňegidişligiň aýrylmaz şerti hökmünde kabul edýändigi bellenildi. Taraplaryň pikirine görä, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda eýýäm bilelikde uly işler geçirildi we şol bir wagtyň özünde bu gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

5. Türkmenistanyň wekilleri 15 – 18-nji sentýabr aralygynda Hytaýda geçiriljek «Bir guşak, bir ýol – Beýik diwar» atly halk döredijiliginiň ikinji halkara festiwalyna gatnaşarlar. Festiwalda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aýdym-saz topary türkmen halk döredijiligi bilen tanyşdyrarlar.

Dünýäde

6. Nýu-Ýorkda alakalaryň sany adamlaryň sanyndan hem geçdi – megapolisde 10 milliondan gowrak gemriji ýaşaýar. Nýu-Ýorkyň häkimi Erik Adams ozalky mekdep mugallymynyň ýolbaşçylygynda gemrijilere garşy göreşmek üçin ýörite edara döretdi, nýu-ýorklylar eýýäm oňa «Alakalaryň şa zenany» diýip at berdiler. Şeýle hem şäher geňeşi azyk galyndylaryny zyňmak boýunça täze düzgünleri girizdi, olar bu düzgünler şäheriň howlularynda we lagymlarynda alakalaryň sanyny azaltmaga ýardam berer diýip umyt edýärler. Döwlet işgärleri alakalaryň sanynyň köpelmegi bilen göreşýärkä, käbir ýaşaýjylar alakalaryň sanynyň has köp bolan ýerlerine ýörite baryp, bu ýerlerde göwün açýarlar. Bu ugurda olara ýörite «alaka gezelençlerini» gurnaýjylar kömek edýärler.

7. Stambulda birnäçe aýlap dowam eden guraklykdan soň, suw joşmasyna getiren güýçli ýagyş ýagdy. Tebigy betbagtçylyk zerarly, azyndan, üç adam heläk boldy, ýene bäş adam şikes aldy. Käbir sebitlerde suwuň akymy awtoulaglary alyp gitdi, ýollar derýalara öwrüldi, olarda ulagly hiç hili hereket etmek mümkinçiligi bolmady. Suw şäheriň metrosyna we köp sanly ýaşaýyş jaýyna-da zeper ýetirdi.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Indoneziýa we Bahreýn bilen ýolaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin ugrady. Indoneziýanyň milli ýygyndysy bilen oýun 8-nji sentýabrda Surabaýada geçiriler. Soňra Türkmenistanyň milli ýygyndysy 12-nji sentýabrda Dubaýda Bahreýn bilen duşuşar. Şeýlelik bilen, sentýabr aýyndaky türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy iki synag duşuşygyny geçirer. Bu oýunlar türkmenistanlylara 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna taýýarlanmaga kömek eder.

9. Türkmenistanly Ilima Guseýnowa ilkinji gezek Kambojanyň paýtagtynda geçirilýän 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Aziýanyň çempionatyna üstünlikli başlady. Ol ýaryşyň birinji tapgyrynda hindi garşydaşy Surýanşi Şekhawaty ýeňdi. Ýaryşda Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynan 24 sany öňdebaryjy tennisçi gyzlar bäsleşýärler. Ilima Guseýnowa Mirali Hasanowyň ýolbaşçylygynda «Aşgabat» tennis akademiýasynda tälim alýar we häzirki wagtda 14 ýaşa çenli ýetginjek gyzlaryň arasynda Aziýanyň sanawynda 13-nji orny eýeleýär.

10. Türkmenistanyň paýtagtynda erkekler we zenanlar toparlarynyň arasynda basketbol boýunça ýurduň nobatdaky çempionaty başlandy. Ýaryşa Türkmenistanyň welaýatlarynyň we Aşgabadyň toparlaryndan ybarat alty ýygyndy gatnaşýar . Çempionat aýlaw ulgamy boýunça geçiriler. Birinji tapgyr 5-nji sentýabrda geçirildi. Ýyşyň finaly 9-njy sentýabrda meýilleşdirilýär. Bäsleşikler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport meýdançasynda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň