Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti kabul edildi

19:3305.09.2023
0
45343
Aşgabatda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti kabul edildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar.

W.Hajiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp ylym, bilim, ýapon dilini öwrenmek ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alyş-çalyş bilim maksatnamalarynyň çäginde özara gatnaşyklary hasam giňeltmegiň geljegi nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä diller instituty hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşi barada-da belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň