Top.Mail.Ru

Zenan sanly awataryň kömegi bilen «sözledi»

09:4228.08.2023
0
18273

Amerikaly alymlar ysmaz bolan zenany beýnä implant oturtmak ýoly bilen gepletmegi başardylar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Tehnologiýa emeli aň arkaly işleýär. Häzir onuň ulanylyşy barha giň gerime eýe bolýar, emeli aň käbir halatda zerur hem, sebäbi ol durmuşyň dürli ugurlarynda aýratyn bähbitli bolup çykdy.

Bularyň biri-de Enn Jonson atly ysmaz aýalyň sanly awatarydyr. Mundan 18 ýyl öň Enn insulty başdan geçirip, geplemek ukybyny ýitirdi. Emma onuň beýnisi signallary ibermäge ukyply bolup çykdy. Ol indi emeli aňyň hyzmaty bilen geplemegi başardy.

Munuň üçin ysmaz bolan adamlaryň neýron işjeňligi emeli aňyň kömegi bilen tekste ýa-da sese geçirilýär.

San-Fransiskodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymy Şon Mesger şeýle gürrüň berýär: - Geçen ýyl lukmanlar Enniň beýnisine 253 elektroddan ybarat implant oturtdylar. Olar beýniniň ýüz müňlerçe neýrondan alýan we äňiň, dodaklaryň hem-de diliň myşsalaryna ýollaýan signallaryny tutýarlar. Aýalyň bedenine oturdylan kabul ediji ol singallary kompýutere ýollaýar, soňra emeli aň işe girişip, olary ýazga ýa-da sese öwürýär.Enniň keşbinde döredilen awatar bolsa, onuň aýtmak isleýän sözlerini aýdýar.

Bu häzirlikçe, ýeke-täk synaglardyr, taslama durmuşa ornaşdyrylýança köp ýyl geçer. Üstesine ol köp serişde talap edýär, munuň üçin millionlarça dollar maýa goýum gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň