26-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Giň düzümde geçirilen mejlisiň maksady ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň alyp barýan işleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ÝUNESKO-nyň işleri barada jogapkär agzalary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine goşulmagy bilen bagly hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubyny döretmek boýunça amala aşyrylmaly işler barada hasabatlar diňlenildi.
Mejlise gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubyny döretmegiň Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda ýurtda amala aşyrylýan işleriň logiki dowamy boljakdygyny belläp geçdiler. Şeýle hem mejlisde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen ugurlar, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti bilen işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylmaly işler barada durlup geçildi.