Meşhur imperatorlyk pingwinlerine ýok bolmak howpy abanýar diýip, «Habar 24» ýazýar.
Kembrij uniwersitetiniň alymlarynyň täze nutugyna görä, geçen ýylyň aýagynda pingwin çagalarynyň 10 müňe golaýynyň heläk bolan bolmagy mümkin. Muňa Antarktikada buzluklaryň eremegi sebäp boldy. Ylmy-barlaglaryň netijeleri hemra arkaly alnan suratlara esaslanýar, olarda suw geçirmeýän ýelek çykarmaga ýetişmedik etene çaga pinwinleriň aýak astynda buzluklaryň bölünýändigi görünýär.
Şeýle betbagtçylyklar öň hem bolýardy, emma alymlar bu gezekki hadysanyň has uludygyny belleýärler. Netijede, pingwinleriň 62 üýşmeginden 13-si tutuşlygyna neslini ýitirdi.