Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Palestinanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

19:1624.08.2023
0
44682
Gurbanguly Berdimuhamedow Palestinanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al Maliki bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Riýad Al Maliki iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň dostluk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda depginli ösýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Uzakmöhletli geljege gönükdirilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýol goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürleriň hem-de telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Nebit-himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümleriniň, dürli azyk harytlarynyň eksportuna, sanly tehnologiýalara geljegi uly ugurlar hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň