«Guwlyduz» kärhanasynda 57,5 müň tonna duz gazylyp alyndy

10:2022.08.2023
0
28775

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kärhanasynda şu ýylyň geçen ýanwar — iýul aýlarynda jemi gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 57,5 müň tonnadan geçdi. Bu görkeziji şu ýylyň ýedi aýy üçin göz öňünde tutulan tabşyrygyň 104 göterimden hem köp berjaý edilendigini görkezýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan geçýän kärhanada nahar duzuny ýokary hil ülňülerine laýyklykda ýodlaşdyrmak sebitde birinji, dünýäde bolsa dördünji bolup ygtybarly ýola goýuldy.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ykdysady we maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy balkanly duzçularyň gazanýan üstünlikleriniň girewidir. Gürrüňi edilýän döwürde olar önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky meýilnamalaryny hem 133 göterim ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň