Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» döwlet kärhanasy işewür hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

09:2921.08.2023
0
21095

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy — ýurtdaky iň öňden bäri iş alyp barýan we depginli ösýän kärhanalaryň biridir.

Kärhana näme öndürýär?

«Nebitmaş» döwlet kärhanasy elektrik energetikasy pudagy üçin dürli enjamlary, şol sanda: daşky transformator bloklary we yşyklandyryş stansiýalary, dürli markaly tok goraýyş enjamlary, ýokary woltly izolýatorlary, liniýa-birikdiriji enjamlary we ş.m öndürýär.

Kärhananyň öndürýän dürli senagat önümleri, şol sanda nebit-gaz guýulary burawlanylanda poroşok görnüşli materiallary taýýarlamak, agramlaşdyrmak we saklamak üçin niýetlenen önümler nebit-himiýa we nebit-gaz gaýtadan işleme işlerinde giňden ulanylýar. Şeýle hem kärhana AGP markasynyň awtomatiki nebit akymy gyzdyryjy, gaz gyzdyryjylary, terminaldan gämä nebit önümlerini çykarmak, deňiz tankerlerinden nebit önümlerini akdyrmak we ýüklemek üçin URU-300 enjamlaryny öndürdi.

Kärhananyň önümçilik gorunda polat baklar, gaz ýyladyjylary, şeýle hem wahta gullugyny enjamlaşdyrmak üçin amatly we giň wagon görnüşli jaýlar bar. Ýörite tigirçekli (süýşmegiň aňsat bolmagy üçin) öý-wagonjyklarda nebitçileriň, burawçylaryň, elektrik liniýalaryny goýujylaryň ilatly nokatlardan uzakda wahta usulynda işlemegi üçin ähli şertler bar. Şeýle wagonlarda ofisleri, kiçi ussahanalary, aşhanalary, duşlary we beýleki peýdaly otaglary ýerleşdirmek bolýar.

Mundan başga-da, «Nebitmaş» DK nebit-gaz we elektrik energetikasy senagatynyň kärhanalarynyň işgärleri üçin ýörite iş eşikleri — kurtkalary, buşlatlary, jalbarlary, gorag elliklerini, ýorgan-düşek toplumlaryny tikmek işlerini ýerine ýetirýär.

Kärhana şeýle hem islendik çylşyrymlylykdaky tokar-frezer we agaç ýasama işlerini amal edýär.

«Nebitmaş» kärhanalaryň we ilatyň öý hyzmatlarynda isleglerini kanagatlandyrmak üçin howa sowadyjy we doňduryjy enjamlary oturtmak, oýun meýdançalaryny enjamlaşdyrmak bilen hem meşgullanýar.

«Nebitmaş» DK-nyň salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň