Top.Mail.Ru

Aşgabatda Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileriniň ilkinji okuw-türgenleşik ýygyny geçirilýär

10:5419.08.2023
0
42434

BAE-niň Abu Dabi welosiped kluby türkmen türgenleri bilen bilelikde okuw-türgenleşik ýygynyny geçirmek üçin Aşgabat şäherine geldi. Ilkinji türgenleşikler Olimpiýa şäherçesinde we Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Gökderede geçirilýär diýip, Türkmenistanyň habarlar merkezi habar berdi.

Ilkinji güni Köpetdagyň eteginde geçen türgenleşikde welosipedçiler jemi 107 kilometr ýol geçdiler. Bu görkeziji daşary ýurtly türgenleri geň galdyrdy, sebäbi bu uzaklyk türgenler üçin düýbünden täze aralyk diýip, çeşme belleýär.

Daşary ýurtly türgenler şu güne çenli türgenleşiklerde bary-ýogy 60 ýa-da 70 kilometr ýol geçilendigini, daglyk ýerde 110 kilometre golaý ýoluň bolsa eýýäm uly üstünlikdigini aýtdylar.

Welosipedçiler bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygynyny dowam etmek bilen, türgenleşigi dynç alyş bilen utgaşdyrýarlar. Okuw 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň