Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

11:0615.08.2023
0
30285

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmua we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýäris, şeýle hem özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de birek-birege peýdaly gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ygrarlydygymyzy beýan edýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli kämilleşdirilmeginiň halklarymyzyň abadançylygyna oňyn täsirini ýetirjekdigine berk ynanýaryn ---- diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmua hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Hindistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň