Top.Mail.Ru

Türkmenistan Gruziýada täze ilçi belledi

22:2811.08.2023
0
32390

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Döwletmyrat Seýitmämmedow Türkmenistanyň Gruziýa Respublikasyndaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli resminamasyna görä, Döwletmyrat Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejesi berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dowletmyrat Muratowy başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýulda Gruziýadaky diplomatik işini tamamlan türkmen ilçisiniň Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň