Şu gün Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Duşuşygyň barşynda iki dostlukly döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon üçtaraplaýyn duşuşygyň – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Ozal Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşandygy barada habar beripdik.