Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

11:0504.08.2023
0
45532

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Gahryman Arkadagy belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy geçiriljek gepleşikleriň ýokary derejä eýe boljakdygyny we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde pikir alyşmalar üçin gowy mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Ozal Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň