Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we BAE-niň gümrük gulluklary hyzmatdaşlygy ösdürer

14:1303.08.2023
0
41526

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal gümrük gullugy hyzmatdaşlygy ösdürer. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Ylalaşyk ilkinji nobatda gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak, özara maglumat alyşmak, gümrük amallarynyň täze görnüşleriniň gözlegi we işlenip taýýarlanmagy, işgärleri hünärini ýokarlandyrmak hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal gümrük edarasynyň arasyndaky özara hereketi düzgünleşdirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary, bu ýurduň Federal gümrük gullugy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berdi. 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde mundan beýläkki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esasy bolup durýan ikitaraplaýyn hökümetara Ylalaşyga gol çekildi.

Bu Ylalaşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen 2023-nji ýylylň 31-nji iýulynda tassyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň