Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň birnäçe halkara resminamalaryny tassyklady

22:0431.07.2023
0
35427

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Resminama bilen, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky şu halkara resminamalary:

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakyndaky Ylalaşyk»;

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Duşenbe şäherinde gol çekilen «Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyk», «Ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk», «Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maglumatlary tehniki taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk» tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň