“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

0
1451
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, resminama laýyklykda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.  Resminama laýyklykda:

Aşgabat şäherindäki 8-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Gülöwser Merdanowa;

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ybraýym Atageldiýewiç Durdyýew;

Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Bereket Toýmämmedowiç Soltanow;

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ahmet Ýagşymyradowiç Amanýazow;

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäzerindäki 38-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Arslan Agamyradowiç Musaýew;

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Selim Artykmyradowiç Jumaýew  “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler we noutbuk kompýuteri bilen sylaglandylar hem-de olara bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň  jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň