Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Kyzylkum» Bagtyýar Gürgenowyň transferini resmi ýagdaýda yglan etdi

18:4028.07.2023
0
37096

Özbegistanyň Nawoi şäheriniň «Kyzylkum» futbol topary türkmenistanly goragçy Bagtyýar Gürgenow bilen şertnama baglaşylandygyny resmi ýagdaýda yglan etdi.

Özbek toparynyň metbugat gullugynyň ýazmagyna görä, goragçy bilen şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy.

Gürgenowyň «Kyzylkumyň» düzüminde tomusky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşyp, ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hem birnäçesini geçirendigini ýatladýarys.

Balkanabatda doglan Bagtyýar Türkmenistanda «Köpetdag» we «Altyn asyr» futbol toparlarynyň köýnekçelerini geýdi.

«Kyzylkum» Özbegistanyň Superligasynyň 14-nji tapgyrynyň çäginde 30-njy iýul güni Namangan şäherinde ýerli «Nawbahor» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň