Türkmenistanly mekdep okuwçylary şu ýylyň iýul aýynyň 13 ----- 25-i aralygynda Şweýsariýa konfederasiýasynyň Surih şäherinde geçirilen 55-nji halkara himiýa olimpiadasynda 4 sany --- 1 kümüş, 3 bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, halkara olimpiada jemi 89 döwletden 348 okuwçy gatnaşdy. Onda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatyndan 4 okuwçy Türkmenistana wekilçilik edip, olar nazary bilimlerini we tejribe işlerini geçirmek boýunça bäsleşdiler.
Halkara himiýa olimpiadasynyñ jemleri boýunça Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Jumaýew kümüş medaly, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Ýakup Annaorazow, Begzada Annaýew we 10-njy synp okuwçysy Aýgül Atajanowa bürünç medallary gazanmagy başardylar.
Himiýa boýunça 56-njy halkara olimpiada 2024-nji ýylyñ iýulynda Saud Arabystanynda geçiriler.