Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Gruziýada saparda bolýar

10:1527.07.2023
0
31896

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýada saparda bolýar.

Newscentralasia.net-niň habaryna görä, iş saparyň maksady Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň merkezi edarasynyň, onuň bölümleriniň we sebitleýin edaralarynyň işi bilen tanyşmakdan ybaratdyr.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Halk goragçysy, milli öňüni alyş mehanizmiň (MPM), gender meselesi boýunça bölümiň hem-de raýdaşlyk boýunça merkeziň wekilleri bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň esasy halkara hyzmatdaşy bolan BMG, onuň hünär mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Dürli ýurtlaryň hukuk goraýyş institutlarynyň işi bilen tanyşmak 2023-nji ýylda gol çekilen «Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmaga ýardam bermek» diýen bilelikde taslama resminamasynyň çäklerinde guralýar.

Ozal Aşgabatda Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýronyň arasynda duşuşyk geçirilendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň