«Wimbldon ― 2023» ýaryşynyň geçirilýän günlerinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Eziz Döwletow London şäherinde saparda boldy. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmen federasiýasynyň ýolbaşçysy bu ýerde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Şol snada ýaryşyň finalyna çenli baryp ýeten serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç bilen hem duşuşdy.
Ilkinjisi 1877-nji ýylda geçirilen Wimbldon ýaryşynda şu ýyl erkekleriň arasynda ispaniýaly Karlos Alkarasyň çempion bolandygyny ýatladýarys.
Wimbldon tomsuna iki hepdäniň dowamynda ulularda bäş derejede ýeňijileri, uly ýuniorlarda – dört derejede ýeňijileri ýüze çykaryp geçirilýär. Uimbldonyň beýleki ýaryşlardan özüniň däplere ygrarlydygy bilen tapawutlanýandygyny bellemelidiris. Şeýlelikde, şu günki güne çenli ýörite ak eşik kody saklanyp galýar.