Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kuraş boýunça Aşgabatdaky dünýä çempionatynda medallaryň 15 toplumy ugrunda göreş alnyp barlar

12:1417.07.2023
0
25985

Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda ýedi we zenanlaryň arasynda sekiz agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda tutluşyklar göz öňünde tutulýar.

Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Geçen ýyl Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynyň baýraklary ugrunda 60 ýurduň wekilleri bäsleşildiler. Türkmenistana 13 pälwan (7 erkek we 6 zenan) wekilçilik etdi, olaryň üçüsi Watanymyza medally gaýdyp geldi.

Türkmenistanyň toparynda Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň Çärjew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýşirin Haýdarowa 48 kilograma çenli agram derejesinde kümüş, Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýnur Amanowa (52 kg çenli) hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aziza Gurbanowa (78 kg çenli) agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň