Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçysy ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili bilen duşuşdy

09:5517.07.2023
0
19309

Aşgabatda Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýronyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň ýurduň durnukly ösüşini we halkynyň abadançylygyny üpjün etmekden ybarat bolan Türkmenistanda dowam edýän syýasy we ykdysady özgertmeler hakda bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Milli adam hukuklary institutynyň işleri we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň edarasynyň işlerini güýçlendirmek üçin görülýän çäreler baradaky maglumatlar Tereza Ribeýronyň dykgatyna ýetirildi.

Ýazdursun Gurbannazarowa Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň edarasynyň ýurduň adam hukuklaryny goramakda garaşsyz düzümdigini we onuñ işiniň adam hukuklaryny, şol sanda söz azatlygyny we maglumata erkin elýeterliligi goramaga gönükdirilendigini aýtdy.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Tereza Ribeýro adamlaryň söz azatlygyna bolan hukuklaryny goramak ugrunda alnyp barylýan özgertmelere ýokary baha berdi hem-de iki garaşsyz edaranyň adam hukuklaryny goramakdaky möhüm ornuna üns çekdi.

Duşuşygyñ ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň