Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionaty awgust aýynda dowam eder

16:5515.07.2023
0
46907

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtyndaky «Ýaryşlar» sahypasynda görkezilişi ýaly, ýurduň çempionatynyň Ýokary ligasynyň ikinji aýlawynyň duşuşyklaryna 4-nji awgustda badalga berler.

Şol gün 10-njy tapgyryň çäklerinde «Şagadam» «Köpetdagy», «Aşgabat» «Merwi», «Energetik» «Ahaly» kabul eder. Tapgyr 5-nji awgustda geçiriljek «Nebitçi» ― «Altyn asyr» duşuşygy bilen tamamlanar.

10-njy tapgyrda ýaryşyň lideri «Arkadag» futbol topary dynç alar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminiň üç aýlawdan ybarat boljakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň