Turkmenportal logo
07.07.23
5459654596
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Jumanazar Annaýew Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer
Jumanazar Annaýew Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalary bilen, Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýew Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenildi.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Karary esasynda, Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýewiň üstüne ýüklenildi.