Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly kämilleşdirildi

09:5605.07.2023
0
27024

Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşaýjylaryň jemagat hojalygy hyzmatlaryndan onlaýn we elýeterli peýdalanmagy üçin döredilen e.ashgabat.gov.tm salgyly sanly hyzmatlar portaly täze mümkinçiliklere eýe boldy. Bu barada şäher häkimliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Sanly hyzmatlar portalynda Şahsy otag hasabyny açmak arkaly jemagat hojalygy hyzmatlarynyň bitewi ulgamyndan bir penjirede peýdalanmak mümkin boldy. Şahsy otagy bolsa islendik enjam arkaly login we açar sözüni girizip birikdirmek bolýar. Munuň üçin bolsa raýatlar özlerine degişli Ýaşaýyş jaý ulanyş müdirligine baryp ýüz tutsalar, görkezilän belgä login we açar sözi ugradylar.

Şahsy otagy açmak bilen, raýatlar jemagat hojalygy hyzmatlaryny internet arkaly dolandyryp bilerler. Bu hyzmatlara ulanylan agyz suwunyň mukdaryna laýyklykda tölegini hasaplamak we tölemek, zir-zibil, jaý jemagat hyzmatlarynyň töleglerini onlaýn geçirmek degişlidir.

Şeýle-de ýaşaýjylar şäher häkimliginiň sanly hyzmatlaryndan peýdalanyp, ýagny sanly portalyň “Güwänamalar” bölüminden özlerine gerekli bolan degişli güwänamalary sargyt edip bilerler. Munuň üçin bölümde zerur sowallara jogap bermek ýeterlikdir.

Resminama taýýar bolanyndan soň, ýaşaýjynyň telefon belgisini SMS habarnamasy gelýär we güwänamany degişli Ýaşaýyş jaý ulanyş müdirligine baryp alyp bolýar.

Ýeri gelende bellesek, Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portalyny ulanmak bilen bagly soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu salgylanma girmek arkaly jogap tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň