Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Weý Jezong bilen söhbetdeşlik

18:0915.09.2015
0
2513

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyna gatnaşmaga gelen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti  Weý Jezong “Türkmenportala” beren interwýusynda şeýle  gürrüň berdi:

- Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup bu abraýly oýunlary kabul etmek hukugyna Türkmenistanyň  eýe bolmagy  ýurduň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu Oýunlary ýokary derejede geçirmek üçin iri sport şäherçesiniň gurulmagy hem taýýarlygyň ýokary derejededigini görkezýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň  ýurtda  sporty ösdürmeklige uly üns bermegi  bilen Türkmenistanyň sport abraýy barha ýokarlanýar.

Men iş saparlary bilen Aşgabatda birnäçe ýola boldum. Her gezek gelenimde şäheriň ep-esli derejede özgerip, Aziada — 2017-ä taýýarlyklar barada köp işleriň edilendigine şaýat bolýaryn. Türkmenistanyň Oýunlara diňe bir guramaçylyk babatynda däl-de, eýsem ussat türgenleri ýetişdirmek babatda hem ýokary derejede taýýarlyk görýändiginden habarymyz bar. Soňky ýyllarda halkara ýaryşlarynda medallara mynasyp bolýan türkmen türgenleriniň sany barha artýar. Aşgabatda  geçiriljek  Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynda  Aziýa oýunlarynyň ählisi boýunça öňde durýan wezipelere seredilip geçiler. Şeýle iri halkara maslahatlaryň geçirilmegi bu ugurga özara pikir tejribe alyşmaga uly mümkinçilik berýär.

Türkmen döwletiniň mümkinçilikleri hem-de türkmenistanly türgenleriň halkara abraýyny barha ýokarlandyrmagy siziň döwletiňize geljekde has iri ýaryşlary geçirmegiň ynanyljakdygynyň şu günlerdäki buşlukçysydyr. Köp sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň