Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär.
Baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň taryhy merkezinde, onuň Magtymgulynyň adyny göterýän esasy köçeleriniň biriniň ugrunda ýerleşýän seýilgähde başlandy. Ir bilen bu ýerde beýik şahyryň ýadygärligine ter gül desselerini goýmak çäresi boldy.
Beýik akyldar şahyryň ruhuna tagzym etmek üçin bu ýere ýüzlerçe adam ýygnandy.
Ýadygärligiň etegine, ilki bilen, döwlet Baştutanynyň beýik akyldar şahyra, onuň gymmaty egsilmeýän, hiç wagt könelmeýän edebi mirasyna, çuň zehinine çäksiz hormat-sarpasynyň nyşany bolan ajaýyp gülleri özünde jemleýän sebet goýuldy.
Az salymdan ýadygärligiň etegi ter gül desselerinden doldy. Bu agzybir türkmen halkynyň beýik akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.