Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň iň ökde uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollanar, Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler we beýleki habarlar

12:1024.06.2023
0
43852

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlan uçurymlar «akylly» şäher – Arkadag şäherine işe ýollanar. Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni degişli Karara gol çekdi. Resminama Arkadag şäheriniň edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli amal etmek maksady bilen kabul edildi.

2. Türkmenistanda nobatdaky «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde ony geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu bäsleşigiň maksady programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň jemleri, däp bolşy ýaly, ýylyň ahyrynda jemlener.

3. Türkmenistanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Foruma TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary, şeýle hem Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Hindistandan, Özbegistandan we beýleki döwletlerden alymlar hem-de ugurdaş hünärmenler gatnaşarlar.

4. Aşgabatda bagşyçylyk festiwaly geçirildi we ol Türkmenistanyň ähli künjeklerinden bu sungatyň wekillerini bir ýere jemledi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan türkmen paýtagtynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi – 2023 mynasybetli guraldy.

5. USAID agentligi «Akylly hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde Mary welaýatynda «TechYouth Bootcamp» maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilýändigini yglan etdi. Maksatnama boýunça okuwlar «Akylly hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň okuw merkeziniň binasynda geçiriler, merkeziň salgysy: Mary şäheri, Aga Hanjaýew köçesiniň 15-nji jaýy, «A» bina. Maksatnamanyň çäklerinde IT ulgamy boýunça alty aýlyk mugt okuwlar guralar hem-de geçiriler. Maksatnama Türkmenistanyň 18 – 25 ýaş aralygyndaky raýatlary gatnaşyp bilerler.

Dünýäde

6. «ВВС» Özbegistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan 23 minutlyk telegepleşigi ýaýlyma berer. Bütin dünýäden teletomaşaçylar Özbegistanyň taryhy we tebigy ýadygärlikleri bilen, şeýle hem bu ýurduň daşary ýurtly myhmanlara hödürlemäge taýyn syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanşyp bilerler. «The Travel Show» telegepleşiginiň Özbegistana bagyşlanan sany 4 aýyň dowamynda 4 gezek görkeziler, şeýlelikde, oňa 200-den gowrak ýurtda 450 million adam tomaşa edip biler.

7. Her ýyl Kanadanyň şäherlerinde seýilgähleriň işgärleri iýmit gözläp, seýilgäh zolaklaryny eýeleýän ýabany gazlary tutýarlar. Ýabany gazlar şäher ýaşaýjylarynyň dynç alýan ýerlerine köpçülikleýin uçup gelýärler. Gazlaryň tezegi we ýelekleri şäher ýaşaýjylarynyň wagt geçirmegi gowy görýän seýilgäh meýdançalaryny örtýär. Ýabany guşlar göwünlerine ýaran ýerleri örän agressiw goraýarlar, mundan başga-da, alymlar guşlaryň tezeginde adamlar üçin howply bolup biljek wiruslaryň we bakteriýalaryň bolup biljekdigini belleýärler.

Sport habarlary

8. Gyrgyzystanda erkekler ýygyndylarynyň arasynda CAVA – Merkezi Aziýa Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler Kubogy dowam edýär. Bäsleşigiň medallary ugrunda 7 ýygyndy – Gyrgyzystan, Nepal, Mongoliýa, Türkmenistan, Özbegistan, Eýran we Gyrgyzystan-2 özara bäsleşýärler. Dördünji tapgyrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Nepaldan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Jemleýji tapgyrlarda türkmen woleýbolçylary Özbegistanyň we Eýranyň ýygyndylary bilen duşuşarlar.

9. Özbegistan 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän futzal boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýer eýesi bolar. 24 toparyň gatnaşmagynda final tapgyrynyň duşuşyklary 14-nji sentýabrdan 6-njy oktýabra çenli aralykda geçiriler. Futzal boýunça dünýäniň häzirki çempiony Portugaliýanyň milli ýygyndysydyr.

10. Ispaniýaly ýarymgoragçy Serhio Buskets Amerikanyň «Inter Maýami» toparyna geçdi. 34 ýaşly Buskets tutuş karýerasynyň dowamynda Ispaniýanyň «Barselona» toparynda çykyş etdi. Ýarymgoragçy toparyň düzüminde dokuz gezek Ispaniýanyň çempiony, üç gezek Çempionlar ligasynyň we UEFA Superkubogynyň ýeňijisi boldy, ýedi gezek Ispaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny eýeledi. Buskets Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2010-njy ýylda dünýäniň we 2012-nji ýylda Ýewropanyň çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň