Turkmenportal logo
23.06.23
2493624936
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Türkmenistanda geçiriljek halkara foruma gatnaşar
TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Türkmenistanda geçiriljek halkara foruma gatnaşar

Türkmenistanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.


Ozal habar berşimiz ýaly, foruma Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew, şeýle-de Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Özbegistandan, Yrakdan, Alžirden, Eýrandan, Rumyniýadan, Belarusdan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden myhmanlar gatnaşarlar.


Halkara maslahata köp sanly gatnaşyjylar we myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Ol Arkadag şäherine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we Aşgabadyň muzeýlerine gezelençler, «Aşgabat» kinokonsert merkezinde filmleriň görkezilişi ýaly çäreleri, konsertleri, sergileri we beýlekileri öz içine alýar.