Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Derweze» gaz kraterini söndürmek boýunça taslama taýýarlanyldy, türkmen okuwçylary halkara himiýa olimpiadasynda bürünç medallary gazandylar, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly 20-den gowrak

12:1221.06.2023
0
44823

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda «Derweze» gaz kraterini söndürmek boýunça taslama taýýarlanyldy. Ol Garagum çölünde barlag käniniň opurylmagy zerarly 50 ýyl gowrak mundan ozal ýanypdy. Krateri söndürmek taslamasy häzirki wagtda tassyklamak tapgyryndadyr. Taslamanyň maksady bolsa bu ýerde gaz akymyny çäklendirmekden ybaratdyr.

2. Hywada (Özbegistan) geçirilen Abu Reýhan Biruny adyndaky Halkara himiýa olimpiadasynda 6 sany türkmen mekdep okuwçysy bürünç medallary gazandylar. Olimpiada gatnaşan milli ýygyndy topara Halaç etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy Serdar Begenjow ýolbaşçylyk etdi. Olimpiada 15 ýurtdan 100-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi.

3. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly 20-den gowrak resminama gol çekildi. Türkmen-gyrgyz işewürlik duşuşygyny Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ýanyndaky milli maýa goýum agentligi hem-de Trükmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.

4. Ganyň umumy analizini geçirmek maksady bilen, Türkmenistana tejribehana reaktiwleriniň uly tapgyry getirildi. Reaktiwleri satyn almak we üpjün etmek Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan Bütindünýä Bankynyň maliýeleşdirýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy täsir” taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Satyn alnan reaktiwleriň umumy bahasy 1 million 300 müň dollar boldy.

Dünýäde

5. Astana şäherinde 34 ýurtdan 400 wekiliň gatnaşmagynda halkara meýletinçiler forumy geçirilýär. Gazagystanda meýletinçiler hereketine aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky üç ýylda ýurtdaky meýletinçilik guramalarynyň sany 680-e ýetdi, olaryň düzüminde bolsa 200 müňden gowrak adam bardyr. Meýletinçilik hereketiniň ösýändigine şaýatlyk hökmünde 2024-nji ýyl GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Arkalaşygyň çäklerinde meýletinçilik ýyly hökmünde yglan edildi.

6. “Ýewro 2024” futbol ýaryşy başlamazyndan bir ýyl öň, häzirki günlerde Germaniýada ýaryşyň resmi tumary tanyşdyryldy. Onuň keşbi hökmünde meşhur çagalar oýnawajy — 20-nji asyryň başynda Germaniýada peýda bolan aýy saýlanypdyr. Aýy ilki nemes mekdepleriniň birine baryp gördi, soňra bolsa Germaniýa bilen Kolumbiýanyň arasyndaky dostluk oýnunda halka tanyş edildi.

Sport habarlary

7. 3x3 basketbol oýny boýunça Türkmenistanyň ýaşlar toparlary Doha şäherinde geçirilen Milletler ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşýarlar. Aziýa-Günbatar konferensiýasyny döreden Kataryň, Iordaniýanyň we Saud Arabystanynyň toparlary bilen bilelikde türkmen basketbolçylary 13-15-nji sentýabr aralygynda Ulan-Batorda geçiriljek 2023-nji ýylyň Milletler ligasynyň soňky tapgyryna ýollanma almak üçin bäsleşerler. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde 12 türgen, şeýle-de Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň baş sekretary, FIBA Asia ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Bahar Mahtumowa, erkekler toparynyň baş tälimçisi Toýly Baýryýew, gyzlar toparynyň tälimçisi Yslam Täçmmedow ýaly 15 hünärmen Doha geldi.

8. Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň soňky oýnunda Özbegistanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk goly 48-nji minutda asly türkmen bolan eýranly hüjümçi Serdar Azmun tora girizdi. Duşuşyga Kirill Lewnikowyň ýolbaşçylygyndaky rus eminler topary eminlik etdiler. Üçünji ýer ugrundaky oýunda bolsa Gyrgyzystanyň topary Omanyň milli ýygyndysyndan 0:1 hasabynda ýeňildi. 10-njy iýunda başlanan bu CAFA-2023 ýaryşy taryhda ilkinji gezek geçirildi.

9. Aşgabatda koreý söweş sungaty bolan hapkido boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Oňa ýurduň ähli künjeginden 170 töweregi türgen gatnaşdy. Türgenler geljekde halkara derejesindäki ýaryşlarda hapkido boýunça Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge mümkinçilik döretjek ýurt derejesindäki ýaryşda güýç synanyşdylar. Häzirki wagtda hapkido bilen ýurtda 500-den gowrak türgen meşgullanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň