Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 50 ýyllyk «Derweze» gaz kraterini söndürmek boýunça taslama taýýarlanyldy

13:4720.06.2023
0
78984

Türkmenistanda «Derweze» gaz kraterini söndürmek boýunça taslama taýýarlanyldy. Ol Garagum çölünde barlag käniniň opurylmagy zerarly 50 ýyl gowrak mundan ozal ýanypdy. Kateri söndürmek taslamasy häzirki wagtda tassyklamak tapgyrynda diýip, TASS habar berýär.

«Biz taslamany taýýarladyk, ol bu buraw guýusyna gaz akymyny çäklendirmäge esaslanýar. Häzir ol amaly taýdan durmuşa geçirmek tapgyrynda. Entek işe girişilmedi, ýöne oňa başlamazdan ozal teoretiki barlag geçirip, taslamasyny taýýarlamaly. Taslama bolsa eýýäm işlenip düzüldi, häzir ol tassyklamak tapgyrynda» diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň müdiri Irina Lurýewa aýtdy.

Lurýewa barlag institutynyň alymlarynyň ýanýan krater meselesini çözmegiň dürli usullaryny öwrenendiklerini we onuň golaýynda täze guýyny burawlamagyň iň dogry usuldygy barada netijä gelendiklerini aýtdy. Munuň özi ähli gaz akymlaryny täze guýa çekmäge mümkinçilik berer diýip, alymlar çaklaýarlar.

«Düzgünleşdirilmedik akymlary şu ýol bilen togtadyp bolar, ýagny tebigatyň berýäninden has köp almak arkaly» diýip, Ylmy-barlag institutynyň hünärmeni belleýär.

Garagum çölünde ýanýan gaz krateri 1971-nji ýylda Aşgabatdan 266 km uzaklykda peýda boldy, bu ýerde işleýän geologlar tebigy gaz toplanan ýerasty boşlugy ýüze çykardylar. Özleşdirilýän mahalynda gaz käni opurylyp, buraw desgasy ýer astyna gitdi we emele gelen ýerasty gowakdan gaz syzyp başlady.

Adamlaryň we mallaryň gaz bilen zäherlenmezligi üçin geologlar wagtyň geçmegi bilen öçer umydy bilen ony otlamak kararyna geldiler. Emma ýerden çykýan tebigy gaz şu güne çenli ýanmagyny dowam etdirýär we ol hatda kosmosdan hem görünýär. Güýçli yssy we krateriň gyralarynyň çökmek howpy çukura girip, ony içinden öwrenmegi kynlaşdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň