Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow Fransiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

22:0719.06.2023
0
29755
Serdar Berdimuhamedow Fransiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filip Merlini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň doly ygtyýarly wekilini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak işinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Fransiýanyň Ýewropa sebitinde Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, bu gatnaşyklaryň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde-de üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy.

Duşuşykda maglumat tehnologiýalary, nebitgaz, himiýa, azyk senagaty ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň möhüm orny bellenildi.

Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow fransuz ilçisini Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene bir gezek gutlap, diplomatyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine berk ynam bildirdi we türkmen tarapynyň bu ugurda degişli ýardamy bermäge taýýardygyny aýtdy.

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz tarapyndan türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine hem-de iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gönükdirilen ugry dowam etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň