«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisi üçin Türkmenistanyň pawilýonyny «Belli» hojalyk jemgyýeti gurar

21:5217.06.2023
0
34708

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ýurtda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň