Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi

15:1616.06.2023
0
31062
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mejlisde halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meselelere garaldy.

Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany Türkmenistanda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri bilen bagly resminamalara-da gol çekdi. Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisde iýun aýynyň 28-29-30-y günlerinde ýurtda Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalara we guramalara bu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soňra, bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň