Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

CAFA Nations Cup ― 2023: Türkmenistan Özbegistandan utulsa-da, pleý-offa çykmak mümkinçiligini ýitirmedi

09:2815.06.2023
0
33990

Türkmensitanyň Futbol boýunça milli ýygynysy CAFA Natons Cup ― 2023-iň ikinji tapgyrynda Daşkent şäheriniň «Bunýodkor» stadionynda Özbegistanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşykda 2:0 hasabynda Özbegistanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky gollary 52-nji we 86-njy minutlarda «Romanyň» hüjümçisi Eldor Şomurodow geçirdi.

Şeýlelikde, iki duşuşykda 1 utuk toplap bilen türkmen futbolçylary heniz hem indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini saklap galýarlar. Çünki 2-nji tapgyryň ugurdaş duşuşygynda Omanyň we Täjigistanyň ýygyndylar 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Duşuşykda utulan hem bolsa, türkmen ýygyndysynyň owadan oýny orta goýandygyny nygtamak gerek.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýaryşdaky üçünji duşuşygyny 17-nji iýun güni Omanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň