Soňky habarlar

Arhiw

«Milan» CAFA Nation's Cup 2023-de gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär

14:3613.06.2023
0
24451
«Milan» CAFA Nation's Cup 2023-de gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär
Surat: vtc.vn

Italiýanyň «Milan» kluby CAFA Nation's Cup halkara ýaryşynda gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär. Has takygy, italýan topary Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Taremini satyn almak mümkinçiliklerini seljerýär.

Ýeri gelende bellesek, Mehdi Taremi häzirki wagtda Portugaliýanyň «Portu» toparynda çykyş edýär. Portugal topary geçen möwsümde içerki çempionatda iň netijeli oýunçy bolan Taremini satmak barada pikir edenok.

Emma oýunçynyň şertnamasynyň bir ýyldan soňra tamamlanýandygy «Milandan» amatly teklip gelen halatynda «Portunyň» ýolbaşçylaryny ylalaşyga razy edip biler.

Şol bir wagtyň özünde «Milan» hüjümi güýçlendirmek üçin Mýunhengladbahyň «Borussiýa» toparynda oýnaýan Markus Týuram hem-de «West Hemiň» hüjümçisi Janluka Skamakka bilen hem gyzyklanýar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň