Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Türkmenistanyň Mejlisinde gepleşik geçirdi

23:5312.06.2023
0
17744

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny belledi. Soňky ýyllarda Türkmenisatnyň iri halkara guramalar, sebitleýin düzümler, şol sanda ÝHHG bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça baý tejribe toplandygy nygtaldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, döwletiň umumydünýä ösüşine oňyn täsiri bolan köpugurly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny esasy ugur edinýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarlygynyň arasynda giň ugurlar, şol sanda ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýän syýasy, ykdysady, ekologiýa we beýleki ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň belleýşi ýaly, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan daşary syýasatyna, durmuş ugruny nazarlaýan hem-de häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn, sazlaşykly ösüşine gönükdirilen içeri syýasatyna ýokary baha berýär we ony goldaýar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli azlyklaryň işi we olaryň jemgyýet durmuşyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar Mejlisiň işiniň esasy ugurlary we maksatlary, onuň düzümi hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kanun çykaryjylyk ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary bilen tanyşdyryldy.

ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde ýurduň Daşary işler ministrliginde, başga-da birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn düzümlerde duşuşyklar meýilleşdirildi. Şeýle hem saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalarynyň Daşoguz welaýatynyň «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasyna baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň