Fransiýada 75 sany azyk kärhanasy nyrhlary arzanladar

10:4110.06.2023
0
21729

Fransiýada azyk önümlerini öndüriji iri kärhanalaryň 75 sanysy esasy azyk harytlaryna nyrhlary arzanlatmaga borçly edildi. Eger talap ýerine ýetirilmese, olar uly jerime tölemeli ediler diýip, «Habar 24» ýazýar.

Karar iýuldan güýje girer, munuň sebäbi ýurtda hümmetsizlenme maýda bütin ýylyň dowamynda iň pes derejä düşdi we 6 göterime deň boldy. Emma azyk harytlarynyň köpüsiniň nyrhlary henizem ýokary bolmagynda galýar.

Mysal üçin Fransiýada geçen aýda azyk önümleri 14 göterim gymmatlady, emma nyrhlaryň gymmatlamagyna getiren energiýa göterijileriň bahalary aşaklady. Fransiýanyň Milli statistika we ykdysady barlaglar instituty fransuzlaryň azyk önümlerine çykdajylarynyň 2009-njy ýyldan bäri iň pes derejä düşendigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň